Dünýädäki iň görmegeý erkek kişiler nähili sypatda?

09.03.2023, 12:3350,258

Iň görmegeý  erkek kişini kesgitlemek boýunça pikir soraşma bütin dünýäde  yzygiderli geçirilýär.  Nubia  onlaýn—žurnalynyň  okyjylarynyň pikirine görä, bu bäsleşikde  2022-nji ýylda  hytaýly aktýor  we aýdymçy  Sýao Çžan ýeňiji boldy.  Oňa 2,2  million adam ses berdi. Pikir soraşma 189 ýurtdan 11 million adam gatnaşdy.

Ikinji orny Günorta koreýaly aýdymçy Kim Thehen, üçünji ýeri bolsa, hytaýly aktýor, tansçy we alyp baryjy Wan Ibo eýeledi. Pikir soraşmalaryň netijeleri boýunça sanawyň yzygiderliliginde   Genri Kawill, Tom Holland we Timoti Şalame, şeýle-de aýdymçy Jastin Biber we futbolçy Kriştianu Ronaldu hem bar.
Şu ýylyň ýanwarynda New Ýork Post meşhur adamlaryň daşky sypatlaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça  geçirilen  gözlegleriniň netijelerini çap etdi.  Bu işiň awtory bolup britan plastik hirurgy Julian de Silwa çykyş etdi. Ol adamyň ýüzüniň proporsiýalaryny hasaplamak üçin häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryny ulandy.
Gözlegleriň netijelerine görä, dünýädäki iň görmegeý erkek kişi Rege—Žan Peýj boldy. Ol “Brijertonlar” serialynda gersog Gastingsyň keşbini janlandyrdy. Onuň  ýüzi “altyn kesik düzgünine”  93,65 göterim gabat gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.