Täze Toyota Tacoma pikabynyň şekilleri görkezildi

31.03.2023, 11:2523,865
1 / 2

Toyota-yň demirgazyk amerikan bölümi 2024-nji ýylda öndüriljek Toyota Tacoma kysymly awtoulagyň tizer-şekilini çap etdi we awtoulagyň görkeziljek senesini  yşarat etdi.

Toyota Tacoma pikapynyň  häzirki nesliniň  awtoulagynda yzky belgide 040423 diýen sanlar bar, bu awtoulagyň görkezilişiniň indiki sişenbe güni, 4-nji aprelde bolup biljekdigini gytaklaýyn görkezýär.


Şol bir wagtyň özünde, Tacoma4g forumyna gatnaşyjylar, öň neşir edilen renderlerine görä, arka fonda bulaşyk görünýän awtoulagyň Toyota Tacoma 2024-e gaty meňzeýändigini gördüler. Awtoulag altyburçly radiator gözenegi, täze farlary we howa girişleri alar.
Täzelenen daş görnüşiň üstesine, täze model Toyota Tundra 2024 bilen birmeňzeş platforma esaslanar. Ýagny, Toyota Tacoma 2024 gibrid güýç gurluşy bilen hödürlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.