1-nji aprelde güýçli magnit hadysasy ýüze çykar

31.03.2023, 13:1152,204

Günde dörän äpet koronal deşik, ýakynda Ýerde güýçli magnit hadysasyny ýüze çykarar, diýip, Daily Mail​ NASA salgylanyp aýdýar. Günüň ekwatorynda​ ​ biziň planetamyzdan 20 esse uly ölçegde bolan äpet deşik emele geldi.​ ​ Hünärmenleriň belleýşi ýaly, ol özüniň “okuny” göni ýere gönükdirýär.​ Deşik öz gezeginde 2.9 million km sagat tizlik bilen Ýere tarap uçup gelýän güýçli​ Gün akymynyň​ çeşmesi boldy.

Gün akymynyň​ magnitosfera bilen çaknyşygy​ güýçli magnit hadysasyny ýüze çykarar.​ Gözlegçileriň​ pikirine görä,​ täze koronal deşigiň gün akymy ýere​ 30-njy martda gelip ýeter.

Eýýäm adamlar 1-nji aprel güni irden​ ​ magnit hadysasynyň güýçli täsirini duýarlar.

Magnit hadysasy aragatnaşyk işinde näsazlyk döredip biler, şeýle-de​ gartaşan we​ howaň üýtgemegi bilen bagly saglygynda dürli näsazlyklar ýüze çykýan—meteogaraşly​ adamlara täsir edip biler.​ Adatça, adamlar​ kellagyry, başaýlanma,​ ýürek bulanma,​ ýadawlyk, ukusyzlyk, bogunlarda agyry duýup bilerler.

Lukmanlar​ ​ meteogaraşly, gan basyşyndaky üýtgemeleri güýçli duýýan adamlara şu aşakdakylary maslahat berýärler:

1.​ gipertoniklar ( gan basyşy ýokary adamlar)​ magnit hadysasy döwründe​ köp mukdarda suw içmeli,​ duzly tagamlardan gaça durmaly, çünki duz bedendäki​ suwuklyklary saklap,​ gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär.

2. Gipotoniklar ( gan basyşy pes adamlar)​ ​ kuwwatlandyryjy​ içgileri içmeli,​ agyr fiziki​ ​ işjeňligi çäklendirmeli.

3. Meteogaraşly adamlar​ magnit hadysasy döwründe gowy ukusyny almaly, dogry iýmitlenmeli, agyr zähmetden gaça durmaly, sport bilen meşgullanmaklygy çäklendirmeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.