«Beýik deňleýji 3» filminiň ilkinji treýleri çykdy

27.04.2023, 11:1610,168
1 / 2

Sony Pictures studiýasy «Beýik deňleýji 3-iň» ilkinji treýlerini çykardy. Denzel Waşingtonyň gatnaşmagynda düşürilen ekşn trilogiýanyň tamamlaýjy bölümi 1-nji sentýabrda ekranlara çykar.

Filmiň jemleýji bölüminde hakyna tutma Robert MakKoll (Waşington) ýerli mafiýa garşy göreşmek üçin Italiýa gidýär. Şeýle-de, filmde Dakota Fanning hem  oýnady - bu 2004-nji ýylda çykan “Gahar” filminden soň Waşington bilen oýnamakda ikinji tejribesi.
Antuan Fukua (“Türgenleşik güni”) “Beýik deňleýji 3-e” režissýorlyk etmek üçin gaýdyp geldi.
 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.