Tencent holdingi 2022-nji ýylda mobil wideo oýunlaryndan has köp girdeji gazandy

01.07.2023, 14:033,358

Hytaýyň Tencent holdingi, 2022-nji ýylyň maglumatlaryna görä, altynjy gezek iň köp girdeji gazanýan mobil wideo oýunlaryny çykaryjylaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada data.ai kompaniýasynyň analitikleri habar berdi diýip, rossaprimavera.ru belleýär.

Geçen ýyl iň köp girdeji gazananlaryň sanawynda ilkinji üç orny Tencent, ByteDance we Google eýeledi. Liderleriň onlugyna Activision Blizzard, NetEase, Match Group, Playrix, Disney, Netmarble we Playtika girýär.
Analitikler miHoYo, Aristocrat, Moon Active, NCSOFT, Take-Two Interactive, Bandai Namco we Roblox kompaniýalarynyň hem maliýe netijeleriniň gowudygyny belleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.