2023-nji ýylyň awgust aýynyň magnit hadysaly günleri

01.08.2023, 09:3025,574

2023-nji ýylyň awgust aýynda adamlaryň özüni duýşuna we hatda käbir elektrik ulgamlaryň işine täsir edip biljek birnäçe güýçli magnit hadysalarynyň bolmagyna garaşylýar. Hünärmenler bu döwürde GPS-nawigasiýa, radioaragatnaşyk we duýgur tehnikalar bilen bagly näsazlyklaryň ýüze çykyp biljekdigini duýdurýarlar.

2023-nji ýylyň awgust aýy üçin magnit hadysalarynyň çaklanylýan senenamasy
Gismeteo howa maglumat hyzmatynyň maglumatlaryna görä, ilkinji güýçli magnit tupany 1-nji awgusta gabat geler. Eýýäm irden geomagnit meýdandaky tolgunmalar 4 balla ýeter, sagat 10-11-lere 5 balla ýeter. Emma ol uzak dowam etmez. Agşamlaryna 3 ball möçberde güýçli bolmadyk tolgunmalar bolup, bu täsirler çarşenbe güni, 2-nji awgustda 4 balla ýeter. Meteo üýtgemelere bagly adamlarda irden agyr bolup biler, emma ýagda agşam sagat 4-e kadalaşar.
4-13-nji awgustda 2 ball derejesinde kadaly ýagdaý bolar.
G1 derejeli dowamly magnit tupany 13-nji we 14-nji awgustda bolar. 15-nji awgustda geomagnit hadysasy sähel güýçlener.
29-njy awgustda we 30-njy awgusta çenli 3 balla derejesinde täsir bolar.

Magnit hadysasy döwründe ýüze çykyp biljek alamatlar
Güýçli magnit hadysalary we Gün işjeňligi adam bedenine täsir edip biler. Ine käbir ýüze çykmalar:

  • kellagyry;
  • baş aýlanma;
  • ukynyň bozulmagy;
  • ýadawlyk;
  • birahatlyk;
  • ünsüň peselmegi.​​​​​​

 

Magnit hadysasy wagty­nda özüňi nähili alyp­ barmaly?

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.