«Barbi» zenan režissýor tarapyndan surata düşürilen iň köp girdejili film boldy

05.08.2023, 17:1015,313

Režissýor Greta Gerwigiň «Barbi» filmi prokata çykmagyndan iki hepde soňra zenan tarapyndan surata düşürilen iň köp girdejili film boldy diýip, gazeta.ru «Hypebeast» saýtyna salgylanyp habar berýär.

Ozal bu rekord 2017-nji ýylda Petti Jenkins tarapyndan surata düşürilen «Täsin zenan» filmine degişlidi. Bu film prokatda 822,8 mln dollar toplapdy. 19-njy iýuldaky ilkinji görkezilişinden soňky hepdäniň dowamynda «Barbi» filmi prokatda 356 mln dollar toplady. 31-nji iýulda filmiň toplan serişdeleri 800 mln dollardan geçdi. Greta Gerwigiň filmi «Galaktikanyň goragçylary – 3» we «Super Mario doganlar kinoda» filmlerinden öňe geçip, 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy. «Barbi» filminde baş keşpleri janlandyrýan Margo Robbiniň we Raýan Goslingiň ozalky filmleriniň hiçisi hem prokatda üstünlik gazanmandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.