«Barbi» filmi Warner Bros.-yň ABŞ-da iň köp girdeji gazanan filmi boldy

17.08.2023, 19:1112,701

«Barbi» (Barbie, 2023) filmi Warner Bros.-yň iň köp girdeji gazanan filmi boldy. Onuň ABŞ-da kassa ýygymynda 537,4 million dollar gazanandygyny CNN teleýaýlymy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Greta Gerwigiň režissýorlyk eden filmi ABŞ-da Kristofer Nolanyň  536 million dollar girdeji gazanan, Betmen hakyndaky “The Dark Knight” (2008) filminden öňe geçdi.
Şeýle hem “Barbi” -niň dünýäniň kassa ýygymynda gazanan girdejisi 1,2 milliard dollardan geçendigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, film 17 günüň içinde 1 milliard dollar toplady . Bu Warner Bros.-yň beýleki filmlerinden has çalt boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.