Rimac giperkary Tesla-dan öňe geçip, dünýäniň iň ýyndam elektrik awtoulagy boldy

21.08.2023, 12:467,889

Horwatiýanyň «Rimac Automobili» awtoulag öndürijisi elektrik ulagy ugry boýunça «Nýurburgring» ýolunyň täze rekordyny goýdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Rimac Nevera» giperkaryny horwatiýaly ýaryşçy Martin Kodriç dolandyrdy, ol ýokarda agzalan ýoluň 20 kilometrlik aýlawyny 7 minut 5,3 sekuntda geçdi. Şu ýylyň başyndan bäri aýlawdaky rekord «Tesla Model S Plaid» ulagyna degişlidi (7 minut 25.2 sekunt).
2022-nji ýylda «Rimac Nevera» giperkary 412 km/sag tizlik bilen köpçülikleýin öndürilýän elektrik awtoulaglarynyň arasynda dünýä rekordyny goýdy. «Nevera» dört elektromotordan ybarat hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň umumy kuwwaty 1914 at güýjünde deňdir (2360 Nm). Giperkar duran ýerinden 100 km-e 1,97 sekuntda, 300 km/sag-a bolsa 9,3 sekuntda ýetýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.