Türkmenistanda transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň sanawy tassyklanyldy

30.08.2023, 15:0318,780

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalaryň sanawyny tassyklady. Degişli sanaw Türkmenistanyň hukuk maglumatlar portalynda çap edildi.

Transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalaryň sanawy:

  1. Böwrek
  2. Bagyr we onuň bölekleri
  3. Ýürek
  4. Ýürek-öýkeniň toplumy
  5. Kelle çanagynyň süňkleri 
  6. Aşgazanasty mäziň özi ýa-da bedeniň beýleki agzalarynyň toplumy bilen
  7. Süňküň bölekleriniň kortikal gaty bilen
  8. Kelle beýniniň gaty gabygy
  9. Amniotiki perdesi
  10. Hrýaşly manyz
  11. Içegäniň bölekleri
  12. Ham (deri)
  13. Göz bäbenegi (gözüň buýnuzly perdesi, sklerasy, nemli bardasy)
  14. Traheýa 

Sanaw Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda döwlet belligine alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.