Russiýa Federasiýasynyň DIM-i ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

31.08.2023, 02:0526,237

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistana hoşallyk hatyny iberdi. Hatda tebigy hadysa zerarly ejir çeken Primorskiý kraý sebitinde ýaşaýan çagalara şu ýylyň 13-nji maýynda ýurdumyzyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.

Hoşallyk hatynda dostluk we birek-biregi goldamak ruhundaky bu kömege çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garalýandygy nygtalýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.