Land Cruiser 300 dünýäde ýene-de iñ meşhur uly wnedoroźnik boldy

31.08.2023, 11:4925,897

Soňky bir ýylda dünýäde 79 200 sany Toyota Land Cruiser 300 wnedorožnigi  satyldy. Ýapon modeli Li One hytaý krossowerinden E segmentindäki wnedorožnikleriň arasynda iň köp satylan ulag adyna eýe boldy. Şeýle maglumatlar Car Industry Analysis tarapyndan berilýär.

Ýokardaky san maglumatlaryna laýyklykda, Land Cruiser 300 -e global isleg 14% ýokarlandy. Li One -yň satuwy bolsa şonda mukdar kemeldi, onuň 79 000 birligi satyn alyndy. Acura MDX-iň 50 700 birligi satylyp, söwdasy 23 göterim peselmek bilen esli yza galyp, üçünji ýeri eýeledi.
Elektrikli Tesla Model X  37 600 birlik netije bilen bäşinji ýerde durýar. Sanawy  düzüjiler satuwlaryň 951% (10,5 esse) ýokarlandygyny öňe sürýärler. Bu 2021-nji ýylda 4000-den az awtoulag satylan bolmaly diýmekdir, ýöne başga çeşmeler muny tassyklamaýar.
Hytaý modelleriniň iň gowy 14-ligine, Li One-dan hem başga, Li L8, NIO ES8, Hongqi HS7 we HiPhi X girýär. Audi Q6 -ny hem şertli hytaýyňky hasaplap bolar, sebäbi bu model Hytaý bazary üçin ýörite işlenip düzüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.