Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan «CARPI Tech» kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar

27.09.2023, 00:208,610

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «CARPI Tech»  kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony  kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary babatda özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini, hususan-da, suw üpjünçiligi ulgamynyň desgalarynyň gurluşygy babatdaky tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
«CARPI Tech»  kompaniýasynyň  ýolbaşçylary türkmen bazarynyň Fransiýanyň işewür toparlary üçin örän özüne çekijidigini bellediler.
Prezident “CARPI Tech”  kompaniýasynyň suw desgalarynda ulanylýan gidroizolýasiýa we suwasty ýörite gatlaklaryň önümçiligi boýunça dünýäniň öňdebaryjylarynyň biriniň bolup durýandygyny we toplan oňyn tejribesini nazara alyp, onuň uzakmöhletli netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.