BMGÖM Türkmenistana ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi

29.10.2023, 16:1815,917

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen taslamanyň çäklerinde derman serişdeleri bilen üpjün etmegi dowam etdirýär. Bu taslama Türkmenistanyň hökümetinden maliýe kömegini alýar we ilatyň saglygyny gowulandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir diýip, Orient belleýär.

Üpjünçiligiň çäginde Bisoprolol 5 mg derman serişdeleri hem-de 4 mg/5 mg we 8 mg/10 mg dozalarda Amlodipin/Perindopril kombinirlenen derman serişdesi berildi. Bu üpjünçiligiň umumy bahasy 29 423 ABŞ dollaryna barabar boldy. Ähli derman serişdeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine berildi we ýurduň lukmançylyk edaralaryna paýlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.