Marvel filmlerini yza süýşürdi: 2024-nji ýylda diňe “Dedpul 3” çykar

11.11.2023, 15:407,809

Daşary ýurt HBS-i, şol sanda «Deadline» neşiri Marvel Studios-yň käbir filmlerini 2024-nji ýylda çykmagyna garaşylandygyna garamazdan, 2025-nji ýyla geçirmek kararyna gelendigini habar berýärler. Muny championat.com ýetirýär.

Şeýlelikde, “Kapitan Amerikanyň” (“Captain America”) täze bölümi we “Gök gürrüldedijiler” (“Thunderbolts”) 2025-nji ýyla süýşürildi. Marvel Studios-yň filmleriniň arasyndan indiki ýyl diňe “Dedpul 3” çykar.
Marvel Studios-yň täze filmleriniň çykjak seneleri:

  • “Dedpul 3” – 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly;
  • “Kapitan Amerika: Täze ajaýyp dünýä” (“Captain America: Brave New World”) – 2025-nji ýylyň 14-nji fewraly (öň, 2024-nji ýylyň maý aýy);
  • “Gök gürrüldedijiler” – 2025-nji ýylyň 25-nji iýuly (öň, 2024-nji ýylyň dekabr aýy);
  • “Bleýd” – 2025-nji ýylyň 7-nji noýabry (öň, 2025-nji ýylyň 14-nji fewraly);
  • “Fantastik dörtlük” (“Fantastic Four”) – 2025-nji ýylyň 2-nji maýy.

Şeýle-de, HBS täze “Kapitan Amerikanyň” synag görkezişleriniň şowsuzlygy sebäpli gaýtadan surata düşürmelere sezewar edilendigini habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.