Toyota Camry-nyň täze suraty görkezildi

13.11.2023, 22:5426,572

Toyota Camry sedanynyň täze nesliniň resmi görkezilişi 17-nji noýabrda Guançžou awtoulag sergisinde geçer. Häzir bolsa täze Camry-ly banneriň suraty internetde çap edildi. Bu häzirki wagtda elýeterdäki iň gowy surat.

Sedan C görnüşde ýagtylyk berýän täsin şekilli faralara we ýaýbaň öňdäki bampere eýe bolar. Relýefli kapot hem aýdyň görünýär. Awtoulag düýbünden täze bolsa-da, häzirki Camry-nyň aýratynlyklaryny görüp bolýar.
Sedanyň gibrid elektrik gurluşyny aljakdygy eýýäm mälim, ýöne Camry-nyň dokuzynjy nesli adaty benzin hereketlendirijisini ýitirip biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.