Ridli Skottyň «Napoleon» filminiň girdejisi 200 million dollardan geçdi

29.12.2023, 16:3910,543

Box Office Mojo web sahypasynyň berýän maglumatlaryna görä, Ridli Skottyň «Napoleon» filminiň kassa ýygymy 200 million dollardan geçdi. Gyzykly tarapy, film häzirki wagtda, marketingi hasaba almazdan, önümçiligine sarp edilen pul mukdaryny ýygnady.

Filmiň özüni ödemegi üçin ol, takmynan, 400 million dollar gazanmaly, sebäbi kinoteatrlar ähli girdejiniň ýarysyna barabaryny alýar. Munuň şeýle bolmazlygy mümkin, çünki  ýygymlaryň ösüş depgini gowşak.
«Napoleon» beýik fransuz serkerdesi Napoleon Bonapartyň durmuşy barada gürrüň berýär. Filmdäki wakalar, esasan, onuň häkimiýet başyna gelmegine, keşbini Wanessa Kirbiniň ýerine ýetirmeginde imperator zenan Jozefina bilen gatnaşyklaryna bagyşlanýar.

​​​​«Napoleony» meşhur Ridli Skottyň düşürendigine garamazdan, tankytçylar we tomaşaçylar filme dürlüçe baha berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.