Toyota ýertitreme sebäpli Ýaponiýada önümçiligi gaýtadan işe girizip bilmeýär

07.01.2024, 16:3912,608

Ýaponiýanyň Toyota Motor awtokonserni ýurtda dowam edýän ýertitremeler sebäpli üpjünçilik zynjyrynyň kesilendigi üçin Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günleri togtadylan awtomobil önümçiligini gaýtadan işe girizip bilmeýär. Bu barada žurnalistlere kompaniýanyň prezidenti Kodzi Sato aýtdy diýip, TASS belleýär.

Ilkibaşda ýurduň çägindäki gurnama zawodlarynyň işini 8-nji ýanwarda gaýtadan dikeltmek meýilleşdirilipdi, ýöne tebigy betbagtçylyk sebäpli bu meýilnamadan ýüz öwürmeli boldy.
Sato kompaniýada hepdäniň ahyryna çenli önümçiligi ýola goýmagyň möhletini kesgitlemegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurduň merkezi bölegindäki ýertitremeleriň netijeleri sebäpli toplumy düzüjileri üpjün edijiler doly derejeli işläp bilmeýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.