Sony Apple Vision Pro bilen bäsleşip biljek giňeldilen hakykat garniturasyny hödürledi

12.01.2024, 15:123,201

Las-Wegasda geçirilen iň uly tehnologiýa sergisinde Sony özüniň giňeldilen hakykat garniturasyny (XR) hödürledi. Gadgets360-a salgylanýan Ferra-nyň habar bermegine görä, enjam 4K durulykly iki sany OLED ekran we iki dolandyryjy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Sony-niň garniturasyny eýýäm Apple Vision Pro-nyň potensial bäsdeşi diýip atlandyrýarlar. Sony önümine entek at bermedi, ýöne kompaniýa munuň 3D modeller, interfeýsler we aýtdyrmakda hem-de redaktirlemekde ýörite enjamlary talap edýän beýleki mazmun bilen täsirleşmek üçin guraldygyny aýtdylar.
XR-şlemde iki sany dolandyryjy bar. Biri umumy wirtual hakykat (VR) garnituralary üçin standartlaşdyrylan uzakdan dolandyrmakdyr. Ikinjisi - barmaga dakylýan ýüzük.
Şlemiň ekranlary DCI-P3 reňk gammasynyň 96%-ni öz içine alýar. Garnitura  Qualcomm-yň ýörite Snapdragon XR2+ Gen 2 çipinde işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.