Apple iOS 27-ni çykardy. Siri indi dolulygyna ekrany eýeledi

Şu gün, 03:42848
1 / 3

Apple kompaniýasy iOS 27-ni çykardy, onuň esasy täzeligi bolsa Apple Intelligence-iň binýadyndaky täzelenen Siri AI boldy. Kömekçi indi ekranyň mazmunyny saýgarmagy, ol baradaky soraglara jogap bermegi we açyk goşundylarda amallary ýerine ýetirmegi başarýar — mysal üçin, satyn alnan zatlaryň tölegini geçirip bilýär.

Siri AI häzirlikçe iňlis dilinde beta-wersiýada elýeterli. Oktýabr aýynda Apple fransuz, ýapon, koreý, portugal we ispan dillerini goşmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem Siri tekst bilen işlemek we özara baglanyşykly enjamlaryň arasynda ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy.

iOS 27 operasion ulgamy iPhone 11, ikinji nesil iPhone SE we has täze modeller üçin elýeterli. Ulgamda beýleki üýtgeşmeler hem peýda boldy. Ulanyjylar Liquid Glass interfeýsiniň dizaýnyny has dury ýa-da öçügsi edip biler. Şonuň ýaly-da jaňlar, budilnikler, taýmerler, bildirişler we ulgam sesleri üçin dürli ses gatylygyny saýlap bolýar.

watchOS 27 ulgamyna Workout Buddy funksiýasy we täze Single Tap (başam bilen süýem barmaklary bir gezek degirmek arkaly dolandyrylýan hereket) goşuldy. iPad üçin bolsa daşky göterijilere faýllary geçirmek prosesi we brauzeriň işi çaltlandyryldy, şeýle hem Wi-Fi bilen öýjükli ulgamyň arasynda geçiş gowulandyryldy.

Vision Pro üçin visionOS 27-de bildirişlere seretmek arkaly olary açmak, panoramik fotosuratlary bolsa göwrümli sahnalara öwürmek mümkinçiligi peýda boldy.

Apple Siri-ni düýpli täzelemek meýilnamalary barada ilkinji gezek 2024-nji ýylda habar beripdi. Ilkibaşda täze funksiýalar 2026-njy ýylyň ýazynda iOS 26.4 bilen bilelikde çykmalydy, ýöne reliz birnäçe gezek yza süýşürildi.