Täze smartfonlardan kem däl. Täze Toyota Camry-niň media ulgamy barada jikme-jiklikler peýda boldy

20.01.2024, 14:3620,212
1 / 2

Toyota kompaniýasy Camry sedanynyň täze nesliniň media ulgamy barada jikme-jiklikleri aýan etdi. Bu ýerdäki apparat platformasy köp babatda orta derejeli smartfonlardan pes däl we käbir ugurlarda, hatda, olardan hem ýokarydyr.

Media ulgamy Qualcomm Snapdragon 8155 SoC-e esaslanýar, RAM we fleş ýadynyň göwrümi degişlilikde 12 we 128 GB. IXBT.com-yň habar bermegine görä, awtoulagyň bu media ulgamy, RAM kuwwaty boýunça hatda iň täze Samsung Galaxy S24-den hem ýokarydyr.
Toyota interfeýsiň akgynly we çaltdygyny hem-de ses dolandyryşynyň has gowy işleýändigini ynandyrýar. Şeýle hem "akylly 3D ýüz tanaýşy" bar.
Toyota täze Camry-ä, käbir täze A + klasly elektrik krossowerlerine we gabaraly  elektrik sedanlaryna uly umyt baglaýar. Olar kompaniýa Hytaýda Toyota awtoulagynyň  hemişelik eýeleriniň sanyny 10 milliona ýetirmäge kömek etmeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.