Belorussiýaly Arina Sobolenko Australian Open – 2024-de ýeňiji boldy

28.01.2024, 13:506,323
1 / 3

Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär.

Oýun Sobolenkonyň peýdasyna 6:3, 6:2 hasabynda tamamlandy.
Belorussiýaly tennisçi üç gezek eýs etdi, hiç hili iki gezekdäki ýalňyşa ýol bermedi, şeýle-de alty breýk-poýntdan üçüsini amal etdi.
Bu ýeňiş Sobolenko üçin Australian Open ýaryşynda ikinji boldy. Geçen ýyl finalda ol Gazagystanyň wekili Ýelena Rybakinany utdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.