Italiýaly Ýannik Sinner ilkinji gezek Australian Open-de ýeňiji boldy

30.01.2024, 07:402,119

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner 2024-nji ýylyň Awstraliýanyň Açyk çempionaty ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda dördünji belgi bilen ýerleşdirilen Sinner finalda russiýaly Daniil Medwedewi 3:6, 3:6, 6:4, 6:4, 6:3 hasabynda utdy. Türgenler kortda 3 sagat 44 minut sarp etdiler.

Medwedew “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda karýerasynda bäşinji gezek, Australian Open-iň finalynda üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy. 2021-nji ýylda 27 ýaşly russiýaly ABŞ-nyň Açyk çempionatynda ýeňiş gazandy.
Sinner karýerasynda ilkinji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy. Ol Australian Open-de ýekelikde ýeňiji bolan ilkinji italiýaly tennisçidir. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.