“Vogue” 2024-nji ýylda egin-eşiklerde iň trend reňkleri atlandyrdy

05.02.2024, 01:134,865

“Vogue” žurnalynyň hünärmenleri 2024-nji ýylda egin-eşiklerde iň trend reňkleri aýtdylar. Bu barada neşiriň resmi saýtynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Olaryň pikiriçe, gök, gyzyl we mämişi egin-eşikler şu ýylyň ýazynda we tomsunda iň moda egin-eşikler bolar. Şeýle-de, olar JW Anderson, Versace, Prada we Fendi ýaly meşhur brendleriň köpüsiniň täze kolleksiýalary döredenlerinde bu reňkleri ulanandyklaryny belleýär. 2024-nji ýylyň ýörgünli reňki çal, şeýle-de nýud we pastel öwüşginleri bolup galar. Açyk, özüne çekiji aksessuarlara üns bermek gerek. Bu usul eýýäm Bottega Veneta, Ralph Lauren, Miu Miu, Givenchy we Acne Studios tarapyndan Moda hepdeliklerinde ulanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.