Mersedes-Benz göwherli wnedorožnik hödürledi

15.02.2024, 23:2317,286
1 / 2

Söýgüliler güni mynasybetli Mersedes-Benz G-kysymly awtoulagyň diýseň üýtgeşik görnüşini - Mercedes-Benz G500 Stronger Than Diamonds-y hödürledi diýip, MyDrivers portaly habar berýär.

Täze ulagyň esasy aýratynlygy göwher bilen haşamlanmagydyr. Dizaýnerler gymmat bahaly daşlary gapy gulplaryna (“çüýjagazlara”) birleşdirdiler. Dört gulpuň hersiniňki 0,25 karatdan başlaýar.
Mercedes-Benz G500 Stronger Than Diamonds-yň daşy tutuksy gülgüne reňke boýalan gara elementli: bamperiň tory, yzy görkezýän aýnanyň korpusy, üçegi, logotipleri. Faralary hem garaldylan we 20 dýuýmlyk tigir diskalary AMG-nyňky.
Ulagyň içi kümüşsöw urnatly gara reňkde ýerine ýetirilen.
Tehniki taýdan awtoulagyň adaty G500-den tapawudy ýok. Kapotyň aşagynda 4.0 litrlik V8 hereketlendirijisi bar. Wnedorožnik 5,9 sekuntda 100 km / sag-a çenli bat alýar.
Kompaniýa bu modeliň diňe 300 nusgasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Hytaýda bir awtoulagyň bahasy 353 müň dollar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.