Iwan Aýwazowskiniň “Aýly gije” atly kartinasy 1 million dollara satyldy

21.02.2024, 09:018,233

Meşhur suratkeş Iwan Aýwazowskiniň 1878-nji ýylda çeken “Aýly gije” kartinasy Moskwadaky auksionda 92 million rus rubluna (takmynan, 1 million dollar) satyldy. Bu barada “Auksion Holding”-iň metbugat gullugyna salgylanýan RIA-nyň “Nowosti” gullugy habar berýär.

“Aýly gije” atly kartina Konstantinopol we onuň diňleri görünýän deňiz peýzažydyr. Aýwazowskiniň bu eseri auksionyň esasy bölegi boldy.
Şeýle hem, auksionda XVIII-XX asyrlaryň, Nikolaý Rerirhiň “Gimalaý daglary” we Ilýa Repiniň “Patriarh Filaret” ýaly beýleki sungat eserleri bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.