Standard iPhone 17-ler Pro modelleriniňki ýaly 120Hz ekrana eýe bolar

29.02.2024, 07:305,790

Apple iPhone 17-ni we iPhone 17 Plus-y 120Hz täzelenme tizlikli ProMotion displeýleri bilen enjamlaşdyryp biler. Bu barada The Elec-e salgylanýan  IXBT.com habar berdi.

Häzirki wagtda ProMotion tehnologiýasy diňe iPhone 15 Pro modellerinde elýeterlidir.
Pudagyň çeşmeleri Apple-iň standart we Pro modelleriniň arasyndaky tapawudy saklamak isleýändigini belleýärler. Şonuň üçin iPhone 16-nyň we iPhone 16 Plus-yň has ösen LPTS panellerine eýe bolmagy ähtimal.
Hytaýyň BOE kompaniýasy iPhone 17 üçin LPTO panelleri üpjün ediji bolup biler, ýöne munuň üçin ol önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaly we Apple -iň hile gözegçilik ülňülerine laýyk gelmeli bolar.
Eger, BOE wezipä hötde gelip bilmese, Apple Samsung we LG Display ýaly beýleki üpjün edijilere ýüz tutup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.