Agyz açanyňdan soňra suwy nädip içmeli?

02.04.2024, 18:0430,043

Omanyň Saglygy goraýyş ministrligi mukaddes Remezan aýynda birnäçe sagatlap agyz beklemekden soňra, suw içmek dogrusynda birnäçe maslahatlar berdi.

Maslahatlar aşakdakylary öz içine alýar:

  • Suw bilen agyz açyp başlamak has gowusydyr.
  • Aram ýylylykly bir käse suw bilen agyz açyp başlaň. 
  • Agşam namazyny okanyňyzdan soňra, ýene bir käse suw içiň. 
  • Bedeniňiziň çyglylygyny üpjün etmek üçin agyz açan mahalyňyzdan tä agyz bekleýänçäňiz wagtal-wagtal suw içip durmagyň peýdalary köpdür. 
  • Buz ýaly sowuk suwlary içmekden saklanyň! 
  • Suwuk önümlerden köpräk peýdalanyň. Çorbalar, miweli we şireli suwlar ýaly dürli-dürli görnüşleri bilen bedeniňizi gurbatlandyryň. 
  • Düzüminde kofein bolan içgilerden gaça duruň, sebäbi olar bedeniň suwuklyklaryny azaldýar.
  • Ýokumly iýmitleri iýiň, sebäbi bular bedeniň kadalylygyny saklamakda örän ähmiýetlidir.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.