Toyota täzelenen Highlander 2024-i iýunda çykarar: ol öňküden sessiz, akylly, tehnologik bolar

08.05.2024, 23:3622,781
1 / 2

Täzelenen Toyota Highlander 2024 iýun aýynda görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda GAC Toyota bilelikdäki kärhananyň söwda dellaly geljekki krossower barada käbir maglumatlary açdy diýip, dongchedi.com ýazýar.

Highlander-iň daşky dizaýny üýtgemez, emma krossower rahatlygyny we enjamlaşdyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe gowulaşmalary alar.

Hususan-da, täzelenen wersiýasynda şu aşakdakylar peýda bolar:

  • Diagonaly 12,3 dýuýma çenli ulaldylan sanly gurallar paneli;
  • SoC Qualcomm Snapdragon 8155 esasly täze media merkezi;
  • Telematiki ulgamynyň giňeldilen funksiýalary (smartfondan howany, gulplary, duýduryşy we bogažy dolandyrmak);
  • Kuzowyň dürli ýerlerinde 17 sany täze ses izolirleýji material.
  • Highlander 2024 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisine esaslanýan 246 at güýji bolan gibrid güýç gurluşyny saklar.

Täzelenen GAC modeliniň satuwynyň başlamagynyň öňüsyrasynda Toyota häzirki Highlander-leriň ammarlardaky ätiýaçlyklaryny aýryp başlady. Krossower 10 müň dollara çenli arzanladylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.