Ýel uniwersitetiniň barlagy: köp çagaly ene-atalaryň beýnisi juwanlygyny uzak saklap galýar

29.05.2024, 18:518,537

Ýel uniwersitetiniň ylmy barlagçylary maşgalanyň ululygy (adam sany göz öňünde tutulýar) bilen ene-atanyň akyl saglygynyň arasynda baglanyşyk tapdylar. Görlüp oturylsa, köp çagaly adamlaryň beýnisi az çagalylaryňka garanda, has ýaş bolýan eken diýip, Daily Mail-e salgylanýan “Sargrad” neşiri ýazýar.

Bu barlaga 37 müň adam gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň beýnisiniň MRT-suraty gözden geçirilende maşgalada birnäçe çaganyň bolmagy ene-atanyň "uzak möhletli neýroproteksiýasyna" ýardam edýändigini görkezdi. Şeýle-de, köp çagaly ene-atalaryň beýnisiniň işjeňligi ýaş adamlara häsiýetlidi.
Gözlegçiler çagalar we ýetginjekler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak ulularyň beýnisini höweslendirýär we işjeň bolmagyna kömek edýär diýip hasaplaýarlar. Mundan başga-da, köp çagaly ene-atalar has işjeň durmuş ýörelgesine eýe bolýarlar, bu hem akyl saglygyna oňyn täsir edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.