Toyota, Mazda we Subaru täze hereketlendirijileri döretmek üçin birleşýärler

03.06.2024, 15:3811,349

Ýaponiýanyň Toyota, Mazda we Subaru awtoöndürijileri täze içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri döretmek üçin bilelikde işlemek meýilnamalaryny yglan etdiler. Hyzmatdaşlygyň maksady işläp taýýarlamalary çaltlaşdyrmakdan we çykdajylary azaltmakdan ybarat diýip, Motor1 ýazýar.

Bilelikdäki tagallalara garamazdan, kompaniýalar her brendiň konsepsiýasyny görkezýän “firma hereketlendirijilerini” döretmegi meýilleşdirýärler.
Şeýlelikde, Toyota täze dört silindrli hereketlendirijilere üns berer, Mazda rotor hereketlendirijilerini ösdürmegi dowam etdirer, Subaru bolsa oppozit hereketlendirijilerini kämilleşdirer. Täze içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler has tygşytly we ykjam bolup, awtomobil dizaýnerlerine has köp erkinlik berer.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýalar suwuk wodorod, bioýangyç we sintetik ýangyç ýaly ýangyjyň täze görnüşlerini ulanmagy meýilleşdirýärler. Şeýle-de, içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň indiki nesline elektrik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Kompaniýalaryň wekilleri tagallalaryň birleşdirilendigine garamazdan, awtoöndürijileriň bäsdeş bolup galýandyklaryny bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.