Rianna 20 ýyldan soň Şarliz Teronyň ornuny tutup, J'Adore Dior atyrynyň täze keşbine öwrüldi

20.06.2024, 13:3813,496
1 / 2

Rianna 20 ýyldan gowrak wagt bäri brendiň ilçisi bolup gelýän Şarliz Teronyň ornuna J'Adore Dior-yň hoşboý ysynyň täze keşbine öwrüldi diýip, Buro247 habar berýär.

Parfums Christian Dior-yň baş direktory Weronik Kurtua Riannany “häzirki zamanyň şa zenany” diýip häsiýetlendirdi.

“J'Adore 1999-njy ýylda döredilen gününden bäri hemişe güýçli, ýeňiji we ylham berýän aýallaryň nusgasy bolup geldi. Rianna - döwrümiziň şa zenany, ol ylham berýän şahsyýet hem-de aýal-gyzlaryň ygtyýarlyklarynyň we mümkinçilikleriniň  nyşanydyr " - diýip, Kurtua belledi.

Riannany hoşboý ysyň täze keşbi hökmünde görkezýän ilkinji mahabat kampaniýasy 1-nji sentýabrda çykar.
1999-njy ýylda döredilen J'Adore Dior Dioryň öýüniň iň meşhur atyrlaryndan biridir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.