2024-nji ýylyň iň gowy astronomiki suratlary: Grinwiç obserwatoriýasy gysga sanawy yglan etdi

09.07.2024, 07:036,562
1 / 17

Grinwiç patyşalyk obserwatoriýasy "Astronomy Photographer of the Year Awards 2024" bäsleşiginiň gysga sanawyny yglan etdi. Oňa 11 ýurtdan iň gowy astrosuratçylar girdi. Suratlarda kosmosyň dürli obýektleri: asman peýzažlary, galaktikalar, planetalar we hatda Günüň plazma üsti görkezilýär.

Bäsleşik birnäçe kategoriýada geçirilýär: “Polýar şapagy”, “Galaktikalar”, “Aýymyz”, “Günümiz”, “Adamlar we kosmos”, “Planetalar, kometalar we asteroidler”, “Asman peýzažlary”, “Ýyldyzlar we ýyldyzlar toplumy”, şeýle-de  täze başlan hem-de ýaş fotosuratçylar üçin hem aýratyn bäsleşik bar.
Bäsleşigiň ýeňijisi 10 000 funt sterling alar we “Astronomiýa boýunça ýylyň suratçysy” diýen ada eýe bolar. Onuň suraty Londonyň Milli deňiz muzeýinde goýlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.