GPT-3.5 geçmişde galar: OpenAI täze model GPT-4o mini-ni hödürledi

20.07.2024, 12:091,941

OpenAI kompaniýasy GPT-3.5-iň ornuny eýelejek täze GPT-4o mini emeli aň modelini işe girizdi. Kompaniýa ony “häzirki günde elýeterli bolan iň funksional we ykdysady taýdan tygşytly kiçi model” hökmünde häsiýetlendirýär.

GPT-4o mini maý aýynda çykarylan GPT-4o-nyň bir görnüşidir. Ol 128 000 token kontekst penjiresini we 2023-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli bilimleri hödürleýär. Täze model has elýeterli bahasy bilen tapawutlanýar: million giriş tokenleri üçin 15 sent we million çykyş tokenleri üçin 60 sent, bu öňki modellerden has arzandyr.
GPT-4o mini eýýäm ChatGPT ulanyjylary, şeýle-de ChatGPT Plus we Team abunaçylary üçin elýeterlidir. ChatGPT Enterprise ulanyjylary bu modelden indiki hepdeden peýdalanyp bilerler.
OpenAI geljekde modele şekilleri, wideolary we audiolary gaýtadan işlemek funksiýalaryny girizmegi göz öňünde tutýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.