SearchGPT: OpenAI täze, emeli aň bilen işleýän gözleg guralyny Google-a garşy çykarýar

02.08.2024, 12:481,172

ChatGPT-ni işläp taýýarlandygy bilen tanalýan OpenAI kompaniýasy SearchGPT gözleg motorynyň prototipini hödürledi. Adaty gözleg motorlaryndan tapawutlylykda, SearchGPT diňe baglanyşyklaryň sanawyny bermek bilen çäklenmän, eýsem,  maglumatlary seljerýär we "anyk we degişli çeşmelere esaslanýan çalt we laýyk jogaplary" berýär.

Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylar, söhbetdeşlikde bolşy ýaly, goşmaça soraglar bermek arkaly haýyşy aýdyňlaşdyryp bilerler diýip, The Verge neşiri belleýär.
Häzirki wagtda SearchGPT-e giriş çäkli mukdardaky synagçylar üçin açykdyr. Geljekde kompaniýa gözleg aýratynlyklaryny göni ChatGPT-e birleşdirmegi meýilleşdirýär.
Hünärmenler SearchGPT-iň işe girizilmegi OpenAI-ni gözleg algoritmlerine AI-ni işjeň girizýän Google bilen gönüden-göni bäsdeş edýändigini bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.