Xiaomi täze smartfonyna Google-yň Gemini emeli aňyny ornaşdyrar

15.08.2024, 13:502,040

Xiaomi Google-yň Gemini dil modelini halkara bazaryna çykarjak täze flagman telefonyna  goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun Х sosial ulgamynda habar berdi.

Szýunyň aýtmagyna görä, Google Cloud we Gemini Xiaomi-niň ulanyjylaryna has "akylly" we düşnükli funksiýalary ulanmagyna mümkinçilik berer. Xiaomi 15 smartfonlarynyň şu ýylyň ahyrynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.
Hytaýda ýerli kanunçylyk zerarly Gemini goldawy elýeterli bolmaz. Xiaomi şeýle hem öz hususy dil modeli bolan MiLM-iň üstünde hem işleýär.
Öň, habar beriş serişdeleri Xiaomi-niň täze arzan Redmi 14C smartfonynyň üstünde işleýändigini habar berdiler. Bu smartfon 5G goldawyna we uly batareýa eýe bolar. Smartfony sentýabrda tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.