xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok Imagine emeli aň generatory 2026-njy ýylda Gomeriň «Odisseýa» poemasynyň sýužeti boýunça film çykarar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask aýtdy.
«Şu ýylyň ahyryna çenli Grok Imagine «Odisseýa» boýunça taryhy taýdan takyk we Gomeriň döredijiligini dogry şöhlelendirýän doly metražly film döreder» – diýip, ol X sosial torunda ýazdy.
Häzirki wagtda dünýä prokatynda režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» çeper filmi görkezilýär. Taslamada esasy keşpleri Mett Deýmon, Tom Holland, Enn Heteueý, Zendeýa, Robert Pattinson, Şarliz Teron we beýleki aktýorlar ýerine ýetirdi.
Gadymy grek poemasynyň sýužeti Troýa urşy tamamlanandan soň öýüne gaýtmaga synanyşýan, ýöne Hudaýlaryň gahary, tebigy harasatlar we mifiki jandarlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Itaka patyşasyna bagyşlanýar.
Amerikan tomaşaçylarynyň konserwatiw bölegi Nolanyň filmini jedelli kasting çözgütleri üçin işjeň tankytlaýar. Nägileligi, esasan hem, antik döwrüň gözellik etalony diýlip hasaplanan Ajaýyp Ýelenanyň roly üçin garaýagyz aktrisa Lupita Niongonyň saýlanmagy döretdi. Ilon Masky we birnäçe tomaşaçylary Golliwudyň häzirkizaman meýillerine eýerip, asyl obrazlary üýtgetmegi gaharlandyrdy. Filmi şeýle hem gowşak taryhy takyklygy üçin tankytlaýarlar, sebäbi grekleriň gämileri wikingleriň drakkarlaryna, Agamemnonyň sowudy bolsa Betmeniň kostýumyna meňzeýär.
Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý filmiň gowy girdeji toplamagyna päsgel bermeýär. Ilkinji uik-endde filmiň kassa ýygymy 264,1 million dollara ýetdi.