Sony gaýtadan dikeldilen PS5-leri we DualSense geýmpadlaryny arzan bahadan satyp başlady

13.09.2024, 15:304,858

Sony kompaniýanyň resmi web sahypasynyň üsti bilen gaýtadan dikeldilen PS5 konsollaryny we DualSense geýmpadlaryny satyp başlar.

VGC neşiriniň berýän maglumatyna görä, enjamlar gönüden-göni Sony-niň öz  hünärmenleri tarapyndan synagdan geçirildi, bölek şaýlary çalşyldy we dikeldildi, bu bolsa olaryň hilini kepillendirýär. Sahypadaky düşündirişde enjamlaryň bu wersiýalarynyň täze görnüşlerinden tapawudynyň ýokdugy aýdylýar.
Diskowodly PS5-iň durky täzelenen wersiýasy 400 dollar, diskowodsyz wersiýasy bolsa 350 dollar durýar. Deňeşdirmek üçin, täze modelleriň bahasy 100 dollar gymmat.
Dikeldilen DualSense geýmpadlarynyň bahasy, reňkine baglylykda, 60-65 dollar aralygynda bolar.
Dikeldilen enjamlaryň haçan satylyp başlanjakdygy barada entek maglumat ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.