Louis Vuitton Nike-dan öňe geçip, iň gymmat egin-eşik brendi boldy

18.09.2024, 12:404,741

Louis Vuitton iň gymmat egin-eşik brendi diýlip ykrar edildi. Ol 2015-nji ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýän Nike-dan öňe geçdi. Bu barada Brand Finance kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Office Life habar berýär.

Louis Vuitton brendiniň bahasy bir ýylda tas dörtden bir esse ýokarlanyp, 32,2 mlrd dollara ýetdi, Nike-yň bahasy bolsa 31,3 mlrd dollardan 29,8 mlrd dollara çenli pese düşdi.
Reýtingde üçünji orny üýtgewsiz Chanel eýeleýär, onuň bahasy geçen ýylky 19,4 mlrd dollardan 26 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şeýle-de, öňdebaryjylaryň bäşligine 14,1 mlrd dollardan 16,7 mlrd dollara çenli gymmatlap, iki orun ýokary galan Hermes we 11 mlrd dollardan 16,3 mlrd dollara çenli gymmatlap, dört orun ýokary galan Zara girdi.
Geçen ýyl dördünji orny eýelän Gucci 17,8 mlrd dollardan 14,8 mlrd dollara çenli arzanlap, altynjy orna düşdi. Ýedinji orny saklan Dior 13,1 mlrd dollardan 14,6 mlrd dollara çenli gymmatlady.
Adidas düýpli pese gaçyşy başdan geçirip, 5-nji orundan 8-nji orna düşdi. Brendiň bahasy 15,6 mlrd dollardan 14,4 mlrd dollara çenli peseldi. Ilkinji onlugyň soňky iki ornuny, degişlilikde, 10,7 mlrd dollardan 13,8 mlrd dollara çenli we 12,5 mlrd dollardan 13,5 mlrd dollara çenli gymmatlan Rolex we Cartier eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.