Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda gaz turbina desgalarynda zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirer

26.10.2024, 11:457,727

Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirer. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama metbugatda çap edildi.

Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasy Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek barada şertnamalary baglaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.