Ridli Skott “Romulyň" üstünliginden täsirlenip, “Keseki” älemine gaýdyp gelýär

04.11.2024, 12:314,865

Kinorežissýor Ridli Skott “Kesekiniň” (“Чужой”) täze bölüminiň üstünde işleýändigini aýtdy diýip, The Hollywood Reporter ýazýar.

Neşir režissýoryň Federiko Alwaresiň “Keseki: Romul” filminiň üstünligine haýran galandygyny we 20th Century Studios üçin ksenomorf äleminden täze film döretmek kararyna gelendigini belleýär. Direktor taslamanyň başga jikme-jikliklerini aýan etmeýär.
Şeýle hem Ridli Skott “Päkiden ylgap barýan” (“Бегущий по лезвию”) we “Keseki” filmlerine bolan hukugyny yzyna alyp bilmändigine gynanýandygyny  aýtdy. Režissýor “Prometeý” we “Keseki: Wesýet” (“Чужой: Завет”) filmleri bilen franşiza gaýdyp geleninde, muny etmäge synanyşandygyny boýun aldy. Ýöne onuň menejerleri bu meseläni wagtynda çözmändirler.

Skott: "Men [Stiwen] Spilbergiň “Ýura eýýamyny” edişi ýaly, olary yzyna almalydym - diýdi.
"Meni jaýlanan franşizany direltdim, biz ýene onuň eýesi bolmalydyk, ýöne kimdir biriniň  ünssüzligi sebäpli muny edip bilmedik " -diýdi.

Ondan öň 20th Century Studios “Romulyň” dowamynyň taýýarlanýandygyny yglan edipdi. Sikweli ýene-de Alwaresiň surata düşürmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.