Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň täzelenen reýtingi hödürlendi

11.01.2025, 11:247,671

Hünärmenler baha indeksiniň esasynda 327 şäherde ýaşaýşyň bahasyny hasaplap, dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny täzelediler.

Hasaplamak üçin esas bolup 100% indeks bilen Nýu-Ýork hyzmat etdi. Baha bermegiň esasy ölçegleri iýmit, ýaşaýyş jaýy üçin bahalary, restoran hyzmatlarynyň bahasyny, şeýle-de ilatyň satyn alyş ukybyny öz içine alýar.
Ýanwar aýynyň başyna çenli ýagdaýa görä, sanawda ilkinji üç orny Şweýsariýanyň şäherleri – Sýurih, Lozanna we Ženewa eýeledi. Ilkinji onlukda bu ýurtdan ýene iki şäher – Bazel we Bern bar. Amerikan şäherleri ilkinji onlukda dört orna eýe boldular. Ýeke-täk üýtgeşiklik Islandiýanyň paýtagty boldy.
2025-nji ýylda dünýäniň iň gymmat şäherleriniň ilkinji onlugy:

  1. Sýurih (Şweýsariýa)
  2. Lozanna (Şweýsariýa)
  3. Ženewa (Şweýsariýa)
  4. Nýu-Ýork (ABŞ)
  5. Bazel (Şweýsariýa)
  6. Bern (Şweýsariýa)
  7. San-Fransisko (ABŞ)
  8. Gonolulu (Gawaýi, ABŞ)
  9. Reýkýawik (Islandiýa)
  10. Boston (ABŞ)

Reýting dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşamak üçin otnositel çykdajylary hasaplamaga mümkinçilik berýär we gymmat şäherleriň birine göçmegi ýa-da uzak wagtlyk galmagy göz öňünde tutýanlara býujeti meýilleşdirmäge kömek edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.