Altynyň bahasy bir unsiýa üçin 2,9 müň dollardan geçdi: bu taryhy görkeziji

06.02.2025, 19:167,287

5-nji fewralda biržada altynyň bahasy taryhy görkezijini täzeledi, ol bir troý unsiýa üçin 2,9 müň dollardan geçdi. Muny söwda maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Aşgabat wagty bilen 15:49-a çenli ýagdaýa görä, Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda altyn üçin aprel fýuçersiniň bahasy geçenki söwda bilen deňeşdirilende, 0,71% ýokarlanyp, bir unsiýa üçin 2 896,1 dollara ýetdi. Bary-ýogy birnäçe minut öň baha rekord 2 901,5 dollara (+0,89%) ýetipdi.
Geçen gezek bahanyň iň ýokary derejesi 30-njy ýanwarda hasaba alyndy. Gymmat bahaly metalyň bahasy bir troý unsiýa üçin 2,85 müň dollara ýetdi. Bir aýyň dowamynda dünýä bazarynda altyn 200 dollardan gowrak gymmatlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.