NASA 12-nji fewralda ilkinji gezek Halkara kosmos stansiýasyndan göni ýaýlym geçirer

10.02.2025, 22:532,620

NASA Twitch striming platformasy arkaly Halkara kosmos stansiýasyndan ilkinji gezek göni ýaýlym geçirer. Göni ýaýlym 12-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 21:45-de başlar we ol NASA-nyň resmi Twitch kanalynda görkeziler. Bu barada müdirligiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

«Bu Twitch platformasyndaky ilkinji kosmos çäresi bolar» diýip, NASA-nyň Waşingtondaky baş edarasynda ýerleşýän Sanly we tehnologiki aragatnaşyk müdirliginiň ýolbaşçysy Brittani Braun belläp geçdi.

Göni ýaýlymy NASA-nyň iki astronawty alyp barar: Donald Roý Pettit (häzirki wagtda HKS-da) we Mett Dominik (geçen ýylyň güýzünde Crew-8 missiýasyndan soň Ýere gaýdyp gelen). Olar tomaşaçylara stansiýadaky durmuş we geçirilýän ylmy-gözleg işleri barada gürrüň bererler hem-de göni ýaýlymda tomaşaçylaryň soraglaryna jogap bererler.

«Biz TwitchCon-daky döredijiler bilen gepleşikleri geçirdik. Olar köpçülik üçin şeýle mazmunly göni ýaýlymlaryň geçirilmegini isleýändiklerini aýtdylar. Açyk kosmosa çykyşlarymyz, uçuryşlarymyz we gondurmalarymyzdan başga-da, biz Twitch-de şular ýaly göni ýaýlymlary has ýygy-ýygydan geçirip başlarys. Twitch – täze tomaşaçylary gazanmak we olary kosmos bilen gyzyklandyrmak üçin ulanýan sanly platformalarymyzyň biridir.» – diýip, NASA-nyň Metbugat gullugy habar berýär.

NASA şeýle göni ýaýlymlaryň ýene-de geçiriljekdigini aýratyn belläp geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.