Superkomýuter Çempionlar ligasynyň ýeňijisini çaklady. “Liwerpulyň” mümkinçiligi tas 25%

11.02.2025, 16:4410,256

Opta Sports superkompýuteri Çempionlar ligasynyň ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary bolan toparlaryny kesgitlemäge synanyşdy. Häzirki günde kubok üçin esasy dalaşgär “Liwerpul” hasaplanýar. Onuň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 24,6%-e deň.

Çaklamada onuň yzyndan uly aratapawut bilen “Arsenal” we “Inter” gelýär. Ýaryşyň umumy toparlaýyn tapgyryny ikinji orunda tamamlan “Barselonanyň” mümkinçiligini bolsa superkompýuter 9,5% diýip hasaplady.
Ýeňiş gazanmaga ýakyn toparlaryň onlugy şeýle görnüşde:

  1. “Liwerpul” – 24,6%
  2. “Arsenal” – 16,6%
  3. “Inter” – 14,5%
  4. “Barselona” – 9,5%
  5. “PSŽ” – 6,3%
  6. “Real” – 4,4%
  7. “Atletiko” – 3,9%
  8. “Baýer” – 3,7%
  9. “Atalanta” – 3,5%
  10. “Mançester Siti” – 3,2%.

Ýatlap geçsek, Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň ilkinji oýunlary 12-nji we 13-nji fewrala geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen) geçiriler. Jogap oýunlary 19-njy we 20-nji fewrala geçilýän gije bolar. Titulyň häzirki eýesi Madridiň “Realydyr”. Ol finalda Dortmundyň “Borussiýasyny” 2:0 hasabynda utupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.