Dinozawrlaryň heläk bolmagyna getiren Çiksulub asteroidiniň syry açyldy

Düýn, 12:225,961

Kanadadan, Fransiýadan, Belgiýadan we Awstriýadan bolan halkara alymlar topary 66 million ýyl ozal Ýer bilen çaknyşyp, guş däl dinozawrlar bilen bir hatarda planetamyzdaky ähli janly organizmleriň dörtden üç böleginiň gyrylmagyna getiren asteroidiň takyk görnüşini kesgitlemegi başardy.

«Science Advances» žurnalynda neşir edilen işiň netijeleri bu global heläkçiligiň täze taraplaryny açýar.

Güýçli urgy sebäpli asman jisiminiň özüniň dolulygyna dargandygy sebäpli, alymlar onuň yzlaryny Ýeriň dürli künjeklerinde saklanyp galan çökündileriň inçe palçyk gatlagyndan gözlemeli boldy. Syryň esasy açary kosmos jisiminiň mikroskopik galyndylarynda saklanan nikeliň izotoplarynyň çylşyrymly we ýokary takyklykdaky seljermesi boldy.

Anyklanyşy ýaly, bu heläkçilige örän seýrek duşýan asteroidler toparynyň wekili — uglerodly CO-hondrit sebäp bolupdyr. Umuman alanyňda, Ýere gaçýan ähli kosmos jisimleriniň diňe 5%-i uglerodly meteoritleriň paýyna düşýär, olaryň CO görnüşi bolsa has-da seýrek duş gelýär. Bu asteroid Gün ulgamynyň emele gelen döwründen bäri diýen ýaly üýtgemän galan özboluşly ilkinji maddadyr.

Kosmos jisiminiň diametri 10 kilometrden 15 kilometre çenli bolup, ol Ýere örän uly tizlik bilen — sagatda, takmynan, 64 müň kilometr tizlik bilen urlupdyr. Bu güýçli urgynyň netijesi bolsa häzirki Ýukatan ýarym adasynyň töwereginde ýerleşýän Çiksulub krateri boldy.

Täze maglumatlar hünärmenleri soňraky dörän kataklizmiň esasy sebäplerine hem täzeden seretmäge mejbur etdi. Gözlegiň awtorlarynyň biri, professor Filipp Kleýsiň düşündirişine görä, CO-hondritlerde uçujy elementler, şol sanda kükürt asla ýok diýen ýalydyr. Ozal hut kükürt zyňyndylary Ýerde global derejede sowuk düşmeginiň esasy sebäpkäri hasaplanýardy. Indi bolsa alymlar atylma sebäpli atmosfera ýokary galan we uzak wagtlap planetany Gün şöhlesinden «gizlän» ägirt uly möçberdäki tozanyň heläkçiligiň esasy sebäbi bolandygy baradaky pikiri öňe sürýär.

Gözlegçileriň baha bermegine görä, Ýere şeýle seýrek obýektiň gaçmagy aýratyn we heläkçilikli bir tötänlik boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.