Marvel-iň “Gözsüz batyr: Täzeden doglan” serialy çykdy

05.03.2025, 16:073,183

Şu gün Disney+ platformasynda “Gözsüz batyr: Täzeden doglan” (Сорвиголова: Рождённый заново) serialynyň birinji möwsüminiň ilkinji iki bölümi ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Birinji möwsüm dokuz bölümden ybarat bolar we olar her hepde çarşenbe günleri çykar. Ahyrky bölüm 16-njy aprelde görkeziler.

“Täzeden doglan” – Netflix-iň ýokary baha alan “Gözsüz batyr” serialynyň gaýtadan goýberilmegi we şol bir wagtyň özünde-de onuň dowamydyr. Serial çykmazdan bir gün öň Marvel onuň ahyrky treýlerini hödürläpdi.
Täze bölümlerde tomaşaçylar tanyş gahrymanlary görer: Çarli Koks, Debora Enn Uoll we Elden Henson. Şeýle-de, baş zalym Kingpiniň roluna Winsent D’Onofrio gaýdyp geler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.