Maserati MC20 «sürüjisiz» sagatda 318 km tizlige ýetdi

06.03.2025, 14:162,305
1 / 3

«Maserati MC20» sportkary Politecnico di Milano tarapyndan işlenip düzülen emeli aň ulgamy bilen dolandyrylyp, sürüjisiz awtoulaglar üçin dünýä boýunça iň ýokary tizlik rekordyny goýdy. Synaglar Kennedi kosmos merkeziniň uçuş-gonuş zolagynda geçirildi we şol ýerde sportkar 318 km/sag tizlige ýetdi diýip, «BusinessWire» habar berýär.

Mundan öňki rekord 310 km/sag bolupdy.
Bu taslama ýokary tizlikde awtonom dolandyryş tehnologiýalaryny synagdan geçirýän Indy Autonomous Challenge-yň bir bölegi boldy.
Awtoulag adam gatnaşmazdan hereket edip, ulgamyň ýowuz şertlerde hem ýokary derejede ygtybarlydygyny görkezdi. Bu üstünlik, awtonom ulaglaryň täze howpsuzlyk we netijelilik derejesine ýakynlaşýandygyny tassyklaýar.
Maserati we Politecnico di Milano täze synaglara we awtonom dolandyryş ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça işlere dowam edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.