«Arkadag» FK "Ist Bengaly" utup, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyna çykdy

12.03.2025, 18:428,131

"Arkadag" futbol kluby AFK Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda öz meýdançasynda "Ist Bengal" hindi  klubundan üstün çykdy. 12-nji martda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlady.

Hindi topary ilki bolup hasaby açdy. 2-nji minutda Rafael Buli gol geçirdi. Emma 33-nji minutda "Ist Bengalyň" goragçysy Lalçungnunga ikinji sary duýduryşyny alyp, meýdançadan çykdy.
88-nji minutda "Arkadag" toparynyň oýunçylary Altymyrat Annadurdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňlemegi başardy. 10 minut soňra ýene-de Annadurdyýew Yhlas Saparmämmedowyň assistinden ikinji goluny geçirip, duşuşygyň nokadyny goýdy.
Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk "Arkadag" toparynyň 1-0 ýeňşi bilen tamamlandy. Umumy netije - 3:1.

Türkmenistanyň çempionynyň indiki garşydaşy Kataryň "Al-Arabi" kluby bilen Omanyň "Al-Sib" klubunyň duşuşygynyň netijesinde kesgitlener. Bu toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk katarly klubuň ýeňşi bilen tamamlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.