50 ýaşly amerikan işewüri Todd Boeli we onuň hyzmatdaşy Mark Wolter Angliýanyň «Çelsi» futbol klubundaky paýlaryny satyp, topary terk etdi. Klubuň resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanata görä, olaryň paýlaryny mundan ozal klubuň ýarysyndan gowrak paýyny saklaýan Clearlake maýa goýum kompaniýasy satyn alýar.
Boeli bilen Wolteriň her birine klubda 12% töweregi paý degişlidi. Olary satyn alandan soň, Clearlake tas 90% paýa eýeçilik etmek bilen, toparyň üstünden doly gözegçiligi ele alar.
«Financial Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, Boeli bilen Wolteriň bilelikdäki paýlar bukjasy 950 million funt sterling bilen bahalandyrylýar. Bergileri göz öňünde tutanyňda, tutuş klubuň bahasy, takmynan, 5 milliard funt sterlinge barabar.
Şertnamany 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ýapmak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, şweýsariýaly işewür Hansýorg Wiss öz paýyny (12% töweregi) saklap galar we täze eýeler toparynyň möhüm hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirer. Klubuň beýanatynda toparyň günlük işinde hiç hili üýtgeşmeleriň göz öňünde tutulmaýandygy aýratyn nygtalýar.
«Çelsi» futbol klubunyň müdirler geňeşiniň başlygy wezipesini eýelemek meniň üçin uly mertebe boldy» diýip, Boeli belledi.
Ol Angliýanyň Premýer-ligasyna (APL), tälimçilere, futbolçylara, klubuň ýolbaşçylaryna we janköýerlerine minnetdarlyk bildirdi.
Ýatlap geçsek, Clearlake konsorsiumy «Çelsini» 2022-nji ýylyň maýynda öňki eýesi Roman Abramowiçden 2,5 milliard funt sterlinge satyn alypdy we ösüş üçin azyndan 1,75 milliard funt maýa goýmaga borçlandy.
Täze eýeleriň döwründe klub üstünlik gazanmagy başardy. 2025-nji ýylyň tomsunda «Çelsi» täze formatdaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji ýeňijisi boldy, ol finalda «PSŽ» toparyny 3:0 hasabynda utdy.
Häzirki 2026/27 möwsüminde topara ispan hünärmeni Habi Alonso tälim berýär. Onuň ýolbaşçylygynda «Çelsi» Angliýanyň Premýer-ligasynyň ilkinji dört tapgyryndan soň ýedi utuk bilen ýaryş tablisasynda altynjy orny eýeleýär.